Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Durnukly ösüş üçin täze mümkinçilikler

0
140

Durnukly ösüş häzirki zaman dünýäniň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlaryň ykdysady, durmuş we ekologiýa deňagramlylygyny saklamak bilen ösüş strategiýalaryny düzüp bilmegi bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, 19-njy martda Aşgabatda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat durnukly ösüşiň täze mümkinçiliklerini açmakda möhüm ädim boldy. Maslahata halkara guramalaryň, döwlet edaralarynyň hem-de bilermenleriň gatnaşmagy oňa aýratyn ähmiýet berdi.

Maslahatda çykyş edenler durnukly ösüşi gazanmagyň esasy ugurlary barada giňişleýin durup geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin möhüm şertleriň biri bolup durýar. Hususan-da, energiýa, ulag we söwda ulgamlarynda döwletleriň hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi durnukly ösüş üçin täze mümkinçilikleri açýar. Maslahatyň dowamynda bilermenler we tejribeli işewürler bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek arkaly bu ugurdaky tagallalary güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler.

Durnukly ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri hem ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagydyr. Maslahatda tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, ýaşyl energetikany ösdürmek hem-de senagat pudagynda täzeçil çözgütleri durmuşa geçirmek bilen bagly anyk teklipler öňe sürüldi. Bilermenleriň belleýşi ýaly, sebitara hyzmatdaşlyk arkaly ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Halkara maslahatda maliýe we maýa goýum ugurlary boýunça hem täze mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, dünýäniň iri maliýe institutlary, ösüş banklary hem-de halkara ykdysady guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek durnukly ösüşe oňyn täsirini ýetirýär. Maslahata gatnaşan daşary ýurtly bilermenler we tejribeli işewürler sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha berdiler hem-de täze bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna taýýardyklaryny mälim etdiler.

Maslahatyň jemleri durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde sebitara hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetlidigini görkezdi. Kabul edilen çözgütler halkara ykdysady gatnaşyklaryň täze tapgyra çykýandygyny subut edýär. Maslahatda öňe sürlen başlangyçlar durnukly ösüş strategiýalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri döretdi we halkara hyzmatdaşlygyň geljekde hem dowam etdiriljekdigini görkezdi.

Aýgül ÖWEZMYRADOWA

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar