Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüş strategiýalary möhüm orny eýeleýär. Döwletleriň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, daşky gurşawy goramak we durmuş ösüşini üpjün etmek maksady bilen kabul edilýän çözgütler halkara hyzmatdaşlygyny talap edýär. Şu nukdaýnazardan, 19-njy martda Aşgabatda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat sebitleýin hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň täze ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädim boldy. Maslahata dünýäniň dürli künjeklerinden bilermenleriň, syýasatçylaryň we işewürleriň gatnaşmagy onuň halkara ähmiýetini has-da artdyrdy.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşe ýetirýän täsiri barada aýratyn durup geçdiler. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda Merkezi Aziýa we goňşy sebitler üçin täze ykdysady mümkinçilikleri döretmekde hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Hususan-da, energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi we maýa goýum taslamalarynyň ilerledilmegi boýunça teklipler öňe sürüldi. Bularyň hemmesi durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleriň işlenip düzülmegine ýardam eder.
Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi üçin täze mümkinçilikleriň döremegi we anyk çäreleriň kabul edilmegi maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Durnukly ösüşi üpjün etmek üçin döwletleriň maliýe we tehnologik mümkinçiliklerini birleşdirmek, bilelikdäki taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk meýilnamalar maslahatda kesgitlenildi. Halkara bilermenler we tejribeli işewürler durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde täzeçil tehnologiýalaryň orny barada hem giňişleýin pikir alyşdylar.
Maslahatyň dowamynda daşky gurşaw meselelerine aýratyn üns berildi. Ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we ykdysady ösüş bilen daşky gurşawyň goralmagy arasynda deňagramlylygy saklamak maslahatda öňe sürlen esasy başlangyçlaryň biri boldy. Şeýle çemeleşmeler durnukly ykdysady ösüşiň diňe bir häzirki döwür üçin däl, eýsem geljek nesiller üçin hem amatly şertleri döredýändigini görkezýär.
Maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen çözgütler we ylalaşyklar sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň täze tapgyra gadam basýandygyny görkezýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we ykdysadyýetiň täze ugurlar boýunça ösdürilmegi bilen bagly öňe sürlen garaýyşlar geljekki hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär. Şu nukdaýnazardan, geçirilen maslahat diňe bir sebitleýin ykdysady gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine hem uly goşant goşdy.
Aýnabat MÄMMEDOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby