Halkara gatnaşyklaryň ösüşi bilen bagly geçirilýän maslahatlar ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilýär. 19-njy martda Aşgabatda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat hem hut şu maksada gönükdirildi. Maslahatyň dowamynda syýasy, ykdysady, energetika, ulag-logistika we ekologik meseleler boýunça möhüm pikirler beýan edildi. Bu maslahat halkara hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlemekde we oňa täzeçe çemeleşmeleri ornaşdyrmakda möhüm ädim boldy.
Maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Soňra bolsa Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösüşinde ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň möhüm orny barada nygtady. Milli Liderimiz çykyşynda ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, energiýa geçirijiler bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrmak we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny gazanmak bilen bagly öňe sürülýän garaýyşlary beýan etdi. Maslahatyň dowamynda bu garaýyşlar giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleýin hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň beýan eden garaýyşlary ykdysady hyzmatdaşlygyň täze tapgyrlara çykýandygyny görkezdi. Hususan-da, halkara maliýe institutlarynyň we iri ykdysady birleşikleriň sebitleýin hyzmatdaşlyga berýän goldawynyň artýandygy bellenildi. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin maýa goýumlaryň çekilmegi, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy maslahatda esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Bilermenleriň pikirine görä, ykdysady hyzmatdaşlyk diňe bir söwda dolanyşygynyň artmagyna däl, eýsem, sebitde täze iş orunlarynyň döredilmegine we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna hem itergi berýär.
Maslahatyň dowamynda ekologik durnuklylyk bilen bagly meseleler hem giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Gün tertibindäki möhüm meseleleriň biri hem daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boldy. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň zerurdygyny belläp, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ýurtlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, suw serişdelerini dolandyrmak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak we energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmak bilen baglanyşykly meseleler maslahatda aýratyn üns merkezinde boldy.
Maslahatyň jemleri boýunça sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly birnäçe resminamalar kabul edildi. Maslahata gatnaşyjylar bu resminamalaryň sebitde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine we ykdysady ösüşiň täze tapgyrlara çykmagyna goşant goşjakdygyny bellediler. Şeýle-de, forumyň dowamynda taraplaryň geljekki hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlary kesgitlenildi we täze başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi üçin degişli teklipler öňe sürüldi. Netijede, geçirilen maslahat sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açdy we geljekki ösüş üçin berk binýat döretdi.
Mähri SEÝIDOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby