Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ykdysady hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

0
177

Häzirki zaman şertlerinde sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk dünýä ýurtlarynyň durnukly ösüşine itergi berýän esasy gurallaryň biri bolup durýar. Özara hyzmatdaşlygyň çäginde döwletler söwda, ulag, energetika we innowasion tehnologiýalar ugurlarynda tagallalaryny birleşdirýärler. 19-njy martda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty hem hut şu meseleleriň üstünde durlup geçildi. Maslahatyň dowamynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri, ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu halkara maslahatyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň halkara hyzmatdaşlyk bilen berk baglanyşyklydygyny belläp geçdi. Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika, ulag, logistika we maliýe ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini we bu ugurdaky taslamalaryň geljekde has-da giňeljekdigini nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurda BMG, Bütindünýä Banky, Aziýanyň ösüş banky ýaly iri maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygynyň işjeň dowam edýändigi aýratyn bellenildi.

Maslahatyň dowamynda ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde howpsuzlyk, durnuklylyk we innowasiýalaryň orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitleýin ykdysady integrasiýa diňe bir söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň has berkemegine hem itergi berýär. Hususan-da, ulag we energetika ugurlary boýunça täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitde ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga mümkinçilik döredýär.

Şeýle hem maslahatda ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki tapgyrlarynda ýaşyl ykdysadyýet, sanlylaşdyrma we ekologiýa taýdan arassa energetika taslamalarynyň ileri tutulmalydygy bellenildi. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda sebit döwletleriniň birek-birek bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmelidigini nygtady. Türkmenistanyň bu ugurda öňe süren başlangyçlary halkara giňişlikde uly goldaw tapýar we ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgeleri bilen utgaşýar.

Halkara maslahatda kabul edilen jemleýji resminamalar ykdysady hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen möhüm ädimleri kesgitledi. Maslahata gatnaşyjylar sebitleýin hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda giňeldilmeginiň durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm faktor bolup durýandygyny bellediler. Şeýlelikde, bu halkara forum täze başlangyçlara ýol açyp, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitledi.

Selbi HALMYRADOWA

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar