Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Buzly süýşgün Şweýsariýadaky obany basdy

18:2230.05.2025
0
14959
Buzly süýşgün Şweýsariýadaky obany basdy
Surat: MIR 24

Şweýsar Alplarynda buzlugyň ägirt uly bölegi bölünip aýryldy we Blatten obasyny basdy. Buzuň, hapanyň we daşlaryň akymy ilatly ýeri tutuşlygyna basdy, bir adam dereksiz ýitdi diýip, «MIR 24» habar berdi.

Sosial torlarda çap edilen wideoýazgylarda süýşgüniň ýyldyrym tizliginde aşak akyp gelýändigi görünýär. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, obanyň çäginiň 90 göterimini hapa we daş ýapdy. Süýşgün şeýle hem Lonza derýasynyň gözbaşyny tutdy, hünärmenler munuň sil joşgunyna getirip biljekdigini çaklaýarlar. Öň süýşgüniň döremek howpy bilen bagly obanyň 300-den gowrak ýaşaýjysy göçürildi.

Şweýsariýanyň Prezidenti Karin Keller-Sattner obanyň ýaşaýjylaryna gynanç bildirdi, olara obany täzeden guruljakdygyny söz berdiler diýip, «The Guardian» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň