Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň adalat ministri bilen duşuşdy

16:2530.05.2025
0
12149
Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň adalat ministri bilen duşuşdy
Surat: Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy

29-njy maýda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň adalat ministri, Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň agzasy Keýsuke Suzukiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde kanunçylygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýapon tarapy iki ýurduň arasynda hukuk ugrunda özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.

Öz gezeginde, ilçi Ýaponiýanyň adalat ministri K.Suzukini Türkmenistana baryp görmäge hem-de 2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgusty aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna we 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Taraplar «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň