Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş sapary başlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň internet sahypasynda habar berildi. Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň barşynda Astana şäherinde geçirilýän «Merkezi Aziýa — Italiýa» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň uçary Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde belent mertebeli myhmanyň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.
Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri, Astana şäheriniň häkimi we Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary, şeýle-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Merkezi Aziýa — Italiýa» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde çykyş etmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle formatda ilkinji gezek geçirilýän bu sammit Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze mümkinçilikleri açar.
Belläp geçsek, Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa 2009-njy we 2019-njy ýyllarda resmi saparlary, 2015-nji ýylda bolsa iş saparyny amala aşyrdy. 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi.