27-nji maýda Hyrat welaýatynyň bedenterbiýe we sport müdirliginiň binasynda Owganystanyň sport ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Ahmadulla Wasek bilen Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we onuň geljekde ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri we sport ulgamyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hyratdaky konsullygyň Türkmenportal saýtyna beren maglumatyna görä, taraplar Türkmenistanda we Owganystanda geçiriljek halkara sport çärelerine iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmäge taýýardygyny mälim etdiler.