Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (23 ýaşa çenli) Aziýa Kubogy-2026-nyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy.
Bijä laýyklykda, türkmen futbolçulary «A» toparçada Iordaniýanyň, Hytaý Taýbeýiniň we Butanyň ýygyndylary bilen yklym birinjiliginiň ýollanmasy üçin göreşerler.
Saýlama tapgyrynyň oýunlary merkezleşdirilen görnüşde Iordaniýanyň paýtagty Amman şäherinde geçiriler. Oýunlary şu ýylyň 3 — 9-njy sentýabry aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýaryşyň geçiş tertibine görä, saýlama tapgyrynda toparçada birinji orny eýelänler hem-de ikinji ornuň eýeleriniň iň gowy dördüsi Aziýa Kubogy-2026-a gatnaşmaga hukuk gazanar. Aziýa Kubogy-2026 geljek ýylyň 7 — 25-nji ýanwarynda Saud Arabystanynda bolup geçer.