Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyplary Türki dünýäniň talyplarynyň III teatr festiwalyna gatnaşýarlar

13:3823.05.2025
0
11042
Türkmen talyplary Türki dünýäniň talyplarynyň III teatr festiwalyna gatnaşýarlar
Surat: TÜRKSOY

Türkmenistan Türki dünýäniň talyplarynyň III teatr festiwalyna gatnaşýar. TÜRKSOÝ tarapyndan guralan bu medeni çäre şu ýyl Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilýär. Bu barada TÜRKSOÝ-yň metbugat gullugy habar berdi.

Festiwal Temirbek Žurgenow adyndaky Gazak milli sungat akademiýasynyň talyplarynyň taýýarlan sahna eseri bilen açyldy. Gazak halk dessany esasynda döredilen bu eser tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Festiwalyň ikinji gününde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary tarapyndan sahnalaşdyrylan «Ene wesýeti» sahna oýny görkezildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan bu spektakl tomaşaçylary duýgulandyryp, olaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Festiwal diňe bir sahna çykyşlary bilen däl, eýsem, medeniýetara dialoga goşant goşýan gurluşy bilen hem ünsi özüne çekýär. Gatnaşýan uniwersitetleriň tejribeli alymlaryndan ybarat eminler festiwalyň ahyrynda ähli oýunlara baha berer we dürli ugurlarda baýraklaryň eýelerini we tapawutlanan keşpleri kesgitlär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň