Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Garward uniwersitetine daşary ýurtly talyplary okuwa kabul etmegi gadagan etdiler

10:0924.05.2025
0
6494
Garward uniwersitetine daşary ýurtly talyplary okuwa kabul etmegi gadagan etdiler
Surat: Daryo.uz

Garward uniwersitetini daşary ýurtly talyplary okuwa kabul etmek hukugyndan mahrum etdiler. Bu barada ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk ministrligine salgylanýan «Daryo.uz» habar berdi.

Bu çözgüt ministrligiň ýolbaşçysy Kristi Noemiň talyplary we gatnaşyjylary alyşmak – Student and Exchange Visitor Program (SEVP) maksatnamasy boýunç güwänamanyň ýatyrylmagy hakyndaky buýrugy bilen baglydyr.

«Bu Garwardyň mundan beýläk daşary ýurtly talyplary okuwa kabul edip bilmejekdigini, öňki daşary ýurtly talyplaryň bolsa başga ýokary okuw mekdeplerine geçmegini ýa-da olaryň öz kanuny derejesini ýitirmegini aňladýar» diýlip, habarda aýdylýar.

Ministr öz çözgüdini Garward uniwersitetiniň kanuny bozandygy, zorlugy, jynsparazlygy goldamak ýaly bikanun hereketler bilen baglady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň