Azerbaýjan Respublikasynyň at gazanan artisti Saýda Şarifaliýewa Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk sazy» halkara festiwalynda Azerbaýjanyň sungaty bilen tanyşdyrdy.
Festiwal dürli milli saz mekdeplerinden bolan ýerine ýetirijileriň arasynda nusgawy aýdym-saz ugry boýunça döredijilik arabaglanyşyklaryny guramaga, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we nusgawy aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýmaklyga gönükdirilendir.
Saýda Şarifaliýewa beýik kompozitor Uzeýir Gajybeýliniň saz eserlerinden bölekleri ýerine ýetirdi. Onuň doglan gününiň 140 ýyllygy Prezident Ilham Aliýewiň başlangyjy bilen Azerbaýjanda we tutuş dünýäde bellenip geçildi. «Arşyn mal alan» operettasyndan «Gülçohranyň ariýasy» we Saýda Şarifaliýewa bilen Türkmenistanyň belli wokal aýdymçysy Mansur Şarifow tarapyndan ýerine ýetirilen «Asker we Gülçohra» dueti tomaşaçylaryň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy.
Saýda Şarifaliýewanyň Aşgabat festiwalyna gatnaşmagy Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralyp, konsertden soň ilçihananyň işgärleri aýdymçy bilen duşuşdylar hem-de öz minnetdarlygyny bildirdiler we gül desselerini gowşurdylar — diýip, ilçihananyň metbugat habarynda bellenilýär.