Top.Mail.Ru

«Rowachlan Galkynysh» örtme gurluşlar üçin polipropilen matalary hödürleýär

14:0227.05.2025
0
16502

«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy öz täze önüminiň — «Rowachpack» haryt nyşanly örtme gurluşlar üçin niýetlenen polipropilen matalarynyň satuwa çykarylandygy barada habar berýär.

«Rowachpack» polipropilen matalary örän berkligi, suw geçirmeýändigi hem-de ultramelewşe şöhlelere ýokary derejede çydamlylygy bilen tapawurtlanýar. Bu özboluşly aýratynlyklary bolsa polipropilen matalary oba hojalygy (meselem, teplisalar üçin polipropilen matalary), gurluşyk we açyk ýerdäki önümçilik ýaly köp sanly pudakda ulanmak üçin amatly saýlawa öwürýär.

Täze önüm polipropilen halyça we landşaft üçin polipropilen mata ýaly dürli görnüşlerde müşderilere ýetirilýär. «Rowachpack» örtükleriniň möhüm aýratynlygy bolsa olaryň iň çylşyrymly iş şertlerinde-de çydamlylygyny we ygtybarlylygyny üpjün edýän ultramelewşe şöhlelerden goraýandygy bolup durýar.

«Rowachlan Galkynysh» kärhanasy «Rowachpack» matalaryny 100-den 400 santimetre çenli ölçegde, dürli reňklerde hödürleýär. Müşderileriň öz şahsy zerurlyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär: has takygy matalar özbaşdak sargytlara görä islendik ululykda, aýratynlykda we reňklerde öndürilip bilner.

«Rowachpack» önümleri içerki bazar üçin hem-de eksporta gönükdirilendir.

«Rowachlan Galkynysh» kärhanasynyň wekilleri bilen (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69 telefon belgileri arkaly, ýa bolmasa-da rowachpack@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň