«Turkish Airlines» awiakompaniýasy «Brand Finance» brendleri bahalandyrmak boýunça halkara guramasy tarapyndan geçirilen 2025-nji ýylyň «TURKEY100 — Türkiýäniň iň gymmatly brendleri» barlagynda birinji orna eýe bolmak bilen, özüniň liderlik derejesini nobatdaky gezek tassyklady. Bu eýýäm ýurduň milli awiakompaniýasynyň 2018-nji ýyldan bäri bassyr sekizinji gezek gazanýan üstünligidir.
2025-nji ýylda «Turkish Airlines» brendiniň bahasy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 14% ýokarlanyp, 2,27 millard dollara ýetdi. Şeýlelikde, global derejeli brend öz öňdäki ornuny ynamly saklap gelýär.
Awiakompaniýanyň wekiliniň bellemegine görä, «Turkish Airlines» ýeneki ýyllarda-da täze üstünliklere tarap «asmana uçuş tizligini» has-da artdyrar.
«Brand Finance» 1996-njy ýyldan bäri marketing bilen maliýe ulgamynyň arasynda köpri gurmak maksady bilen işläp gelýän brendleri bahalandyryş we maslahat beriş boýunça garaşsyz kompaniýadyr. Her ýylda kompaniýa 5000 sany iri brendi bahalandyrmak bilen, ýurtlar we ugurlar boýunça olaryň reýtingini neşir edýär.
Awiapetek bron etmek üçin Aşgabadyň ýaşaýjylary şu salgy boýunça «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň satuw ofisine ýüz tutup bilerler: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 61) 01 44 33, elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com.