Top.Mail.Ru

Arhiw

Lebap welaýatynda ýazky at çapyşygy geçirildi

09:0826.05.2025
0
8080
Lebap welaýatynda ýazky at çapyşygy geçirildi
Surat: Lebap.gov.tm

Lebap atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşygy geçirildi. Bu ýerde at çapyşyklarynyň bäşisi guralyp, birinji we ikinji çapyşyklar 1400, galan üç çapyşyk bolsa 1800 metr aralyga guraldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, dört we ulyýaşar bedewleriň arasyndaky birinji çapyşykda Guwanç Nurmyradowyň hojalygyna degişli Meledag atly mele atyna taý tapylmady. Tejribeli çapyksuwar Yslam Allanazarowyň erk eden bedewi bellenen aralygy 1 minut 23,2 sekuntda geçdi.

Üçýaşar bedewleriň arasynda 1400 metr aralykda geçirilen ikinji çapyşykda «Tebigy ekin» hususy kärhanasyna degişli Aýgyzy atly dor gysrak 1 minut 16,7 sekuntlyk netije bilen, günüň şu aralykdaky iň ýokary netijesini görkezdi.

1800 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda çapyksuwar M.Töräýew welaýat kazyýetiniň Gojadag atly dor aty bilen günüň dowamyndaky ikinji ýeňşini gazandy. Gojadag bellenen aralygy 1 minut 36,8 sekuntda geçdi.

Dördünji çapyşykda welaýat Polisiýa müdirliginiň Parasat atly dor aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. M.Tejenowyň erk eden bedewiniň görkezen wagty 1 minut 39,2 sekunda deň boldy.

Günüň jemleýji çapyşygynda pellehanadan ilkinji bolup geçen bedewe hem M.Tejenow erk etdi. Türkmenabat şäher prokuraturasynyň Gadamly atly gara aty 1800 metr aralygy 1 minut 33,6 sekuntda geçip, bu aralykda iň ýokary netijäni görkezdi. Bu çapyşykda ikinji orny D.Pirnazarowyň Garadepel, üçünji orny bolsa A.Açylowyň Merkit atly bedewleri eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň