Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV Halkara sergisi öz işine başlady

11:0024.05.2025
0
30008

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli XXIV Halkara köpugurly «Ak şäherim Aşgabat» sergisi öz işine başlady.

24-25-nji maýda geçirilýän bu sergi gurluşyk, binagärlik, dizaýn we şäher meýilleşdirmesi ugurlary boýunça üstünlikleri görkezýän takmynan 200 türkmen we daşary ýurt kompaniýalaryny bir ýere jemledi.

Serginiň işine döwlet edaralary, hususy kärhanalar we işewürlik gurluşlary gatnaşyp, häzirki zaman Aşgabat şäheriniň keşbini emele getirýän «ýaşyl» tehnologiýalar we beýleki ugurlardaky işlerini görkezýärler. Prezident Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara iberen gutlagynda belleýşi ýaly, indi köp ýyllar bäri guralýan köpugurly halkara sergi Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan özgertmeleriň gerimini aýdyň görkezýär, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar.

Dabaraly açylyşa Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Sergi gurluşykdan we binagärlikden başlap senagat, ulag, aragatnaşyk, maliýe, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sporta çenli giň ugurlaryň toplumyny öz içine alýan döwlet şäher gurluşygynyň syýasatynyň netijelerini görkezýär.

Senagat harytlary we amaly sungat önümleri bilen bir hatarda sergide ekologiki şäher ulgamlaryny döretmek boýunça iri «ýaşyl» maýa goýum taslamalary, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we amatly şäher gurşawyny gorap saklamak üçin desgalaryň taslamalary görkezilýär. Serginiň ep-esli bölegini inženerçilik kommunikasiýalar bilen awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň