Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kazana iş sapary tamamlandy

23:4516.05.2025
0
18586
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kazana iş sapary tamamlandy
Surat: tatar-inform.ru

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherine iş sapary tamamlandy. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň Metbugat gullugynyň habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Gahryman Arkadag bilen Kazan şäheriniň Halkara howa menziline bardy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bu ýerde birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazana «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin iş sapary bilen bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň