Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi

08:5923.05.2025
0
6046

22-nji maýda wideoaragatnaşyk görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, mejlisiň gün tertibine BMG-niň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň täze tapgyry üçin Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de DÖM-e ýetmek işlerini çaltlandyrmagyň ýollaryny gözlemek ýaly meseleler girizildi.

Ministr R.Meredow Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky parahatçylyk we howpsuzlyk, durmuş-ykdysady ugur, DÖM-iň durmuşa geçirilmegi, ulag we energetika, howanyň üýtgemegine garşy göreş hem-de beýleki birnäçe ulgamlar boýunça strategiki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada giňişleýin durup geçdi.

Mejlisiň barşynda geçen ýyl döredilen «Türkmenistan – BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň orny nygtaldy. Geňeş BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlykda syýasy hem-de durmuş-ykdysady ugurlarda Türkmenistanyň milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasynda durnukly ösüş, ulag, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, şeýle hem ynsanperwerlik ölçegi, şol sanda adam hukuklarynyň goralmagy, milli medeni mirasy gorap saklamak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryna iň oňat tejribäni ornaşdyrmak we peýdalanmak ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

BMG-niň bölümleriniň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler barada habar berdiler hem-de bu ugurdaky pikirleri we teklipleri bilen paýlaşdylar.

Şeýle hem mejlisde öňde boljak duşuşyklaryň we meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň tertibine garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň