Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly maksatnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy

22:1021.05.2025
0
11564
Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly maksatnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýaşlaryň işleri boýunça kömekçisi Felipe Paulýeriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we geljegine giňişleýin garadylar hem-de Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ösmegine goşýan goşandyny bellediler.

Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, ministr R.Meredow türkmen ýaşlarynyň BMG-niň, ÝUNISEF-iň we ÝUNESKO-nyň maksatnamalary ýaly halkara başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygyny habar berdi. Ýaşlary DÖM-e ýetmek işlerine çekmegiň ähmiýeti, DÖM-iň ýaş ilçileriniň Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forum ýaly ählumumy meýdançalarda Türkmenistana wekilçilik etmek bilen, ýurduň ählumumy gün tertibine ýetmekdäki goşandyny görkezýändiklerini nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň «Ýaşlar 2030» strategiýasynyň maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alnyp, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy.

Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň maý aýynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň geçirilmegiň ähmiýeti barada aýdyldy.

Taraplar türkmenistanly ýaşlary we ýetginjekleri goldamaga, sebit we halkara derejede geçirilýän çärelerde olaryň wekilçiligini giňeltmäge gönükdirilen 2025 — 2027-nji ýyllar üçin «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly maksatnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly halkara gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň dialogynyň işini goldamak boýunça işleri dowam etdirmäge meýillidigi nygtaldy.

Taraplar 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) çäklerinde geçiriljek Ýaşlar forumy LLDC3 bilen bagly meselelere hem degip geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň