Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekillerinden, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, "Türkmenistan" gazetiniň işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan we talyplaryndan ybarat bolan türkmen wekiliýeti 21–24-nji maý aralygynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň Ýaşlar forumyna gatnaşýar.
Bu halkara forum Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň 2023-nji ýylda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitinde iki sebitiň ýurtlarynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak bilen baglylykda öňe süren başlangyjy esasynda geçirilýär.
Halkara forum Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Aýlagdaky arap döwletlerinden gelen wekiliýetleri, jemi 100-den gowrak gatnaşyjyny Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde jemledi.
Forumyň gün tertibinde innowasiýalar, ýaşlar telekeçiligi, ekologiýa, bilim, sport, medeniýet we ýaşlar syýasaty, meýletinçilik işi we media ulgamy ýaly möhüm ugurlara gönükdirilen plenar mejlisler, sergiler hem-de beýleki dürli çäreler geçirilýär.
Halkara forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Täjigistanyň milli muzeýine, ýurduň türgenleriniň sport üstünlikleri bilen tanyşdyrýan sergä, hünärmentçilik bilen bagly medeni ojaklara baryp gördüler we küýzegärçilige degişli ussatlyk sapagyna gatnaşdylar.
Şeýle-de olar ilkinji täjik döwletini esaslandyryjy Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdular.
Foruma gatnaşyjylar Täjigistanyň gadymy Gissar galasyna hem baryp gördüler we ol ýerdäki taryhy ýadygärlikler, milli gymmatlyklar bilen tanyşdylar.
Halkara çärä gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýet agzalarynyň bilelikde bag ekmekleri bolsa halklaryň arasyndaky dostlugyň, hyzmatdaşlygyň uzak geljegi nazarlaýandygynyň simwolik nyşany boldy.
Forumyň jemleri boýunça Duşenbe deklarasiýasynyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem sport çäreleri, IT-taslamalaryň sergisi we konsert geçiriler.
Dost-doganlyk ruhunda geçýän forum öz işini dowam edýär.
Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýetiniň şeýle halkara forumlara yzygiderli gatnaşmagy ýurtda üstünlikli alnyp barylýan döwlet ýaşlar syýasatynyň ajaýyp netijesidir. Munuň özi "Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 --- 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň" üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem nobatdaky aýdyň mysalydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän şeýle forumlar ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegine, parahatçylykly ösüşe hyzmat edýän başlangyçlaryň döremegine itergi berýär.