Şu gün Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Kýastutis Waşkelýawiçýus Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowa özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
A.Gurbanow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Türkmen tarapy Litwanyň wekilleriniň 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forumyň işine gatnaşmagyna umyt bildirildi.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi Kýastutis Waşkelýawiçýus ikitaraplaýyn türkmen-litwa hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.