Dünýä ýüzünde özboluşly hem-de gyzykly ýerler, ýadygärlikler az däl. Şeýle ajaýyp, dünýä belli muzeýler hem gelýänlerde şatlyk döredýän bolsa, olaryň käbiri tersine, geň galdyryp, täsinligi bilen haýrana goýýar.
Olaryň arasynda aýratyn-da Amerikanyň bigörk we gyzyksyz, köpler tarapyndan halanmajak eserleri özünde jemleýän — «Museum of Bad Art», ýa-da başgaça «MOBA» hususy muzeýine özboluşly orun degişlidir. Bu muzeýiň esasy maksady adatdan daşary eserleri, ykrar edilmedik suratkeşleriň işlerini ýatlamakdan ybarat.
Surat: kulturologia.ru
Ýaramaz sungatyň muzeýiniň üç bölümi Dedemde (Bostonyň demirgazyk-günbataryndaky şäherçe), Somerwilde (Bostonyň demirgazygyndaky şäher), şeýle-de Bruklaýnda (Massaçusets) ýerleşip, hemişelik kolleksiýaly 500-den gowrak eseri özünde jemleýär.
Döredilmeginiň taryhy — 1994-nji ýylda antikwar Skott Wilson Bostondaky zibil gutudan «Lýusi gülälekli meýdanda» atly täsin suraty tapýar we ony dostlaryna görkezýär. Olar degişmä salyp, dostlaryna ýaramaz eksponatlary ýygnamagyny dowam etdirmegi teklip edýärler, Wilson bolsa adaty däl nusgalary gözlemegiň çynlakaý ugruna çykmagy ýüregine düwýär. 1994-nji ýylyň mart aýynda antikwaryň dosty Jerri Reýli we onuň aýaly öýlerinde «Ýaramaz sungat muzeýiniň açylyşy» diýen at bilen sergi gurap, onda käbir «meşhur eserleri» halka hödürleýärler. Kolleksiýanyň görkezilişi uly meşhurlyga eýe bolup, onuň yzygiderli geçirilmegi däbe öwrülýär. Olaryň görkeziş gurşawynyň darlygynyň meselesi bolsa, CD-ROM-da 95 suratkeşiň eseri jemlenen «wirtual muzeýiň» döredilmegi bilen çözülýär.
Surat: kulturologia.ru
1995-nji ýylda Dedemiň Höwesjeňler teatrynyň ýerzeminde ählumumy formatlar sergileri açyldy: mysal üçin, bu ýerdäki eserler edil Keýp Kod tokaýyndaky baglarda asylyp, «Penjireden synlanylýan sungat — tokaýdaky galereýa» diýlipdir; «Gark bolan erbet sungat» atly sergide «dünýäde ilkinji ulaga gözegçilik edilýän muzeý we awtoýuwalga» üçin 18 eksponat çyg geçirmeýän örtük bilen örtüldi.
2008-nji ýylda Massaçusets ştatynyň Somerwil teatrynda ikinji galereýany dolandyryp başlady. Onuň düzümine «Açyk reňkler / Garaňky duýgular», «Näme halaýandygyňyzy biliň / Edil duýuşyňyz ýaly ýazyň» ýaly sergiler girizildi.
Eksponatlary saýlamagyň ölçegleri — ähli eserler doly gözden geçirilmeli, hökmany original eserler bolmagy gerek, ýeterlik kemçilikli we «doly ýaramaz» bolmaly. Şeýle hem, täsirli we ýüregedüşgünç däl-de, şowsuz synanyşyklary görkezýän ýagdaýda bolmaly.
Surat: kulturologia.ru
Muzeýiň kolleksiýasy — suratkeşleriň hakykylygyna hormat, ahyrynda elhenç hakykata eýe bolan, aslynda kämillik ugrunda çalşan suratkeşleriň ak ýürekliligine sylagdan ybaratdyr.
Suratlaryň aglabasyny awtorlaryň özleri peşgeş beripdir, Kembrijiň zibil ýygnaýjylar birleşiginden halas edilipdir ýa-da auksionlardan we haýyr-sahawat edýän dükanlardan satyn alnypdyr.
Keş Pitersiň öz kitabynda eksponatlara baha bermekde kesgitlän esasy umumy aýratynlyklary: awtorlaryň beden böleklerini dogry çyzyp bilmeýändigi, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň şekillerindäki reňkleriň gabat gelmeýändigi, suratkeşler tarapyndan «garyşyk tehnikanyň» ulanylmagy: eger eseriň hiline şübhe bar bolda oňa uçgunjyklary, ýelekleri ýa-da saçlary ýelimlemek.
Surat: kulturologia.ru
Ýygyndynyň täsin eksponatlary — «Lýusi gülälekli meýdanda» (holst, ýag, näbelli suratkeşiň eseri) — ýazyň gülälekli meýdanynyň ortarasynda tans edýän ýaşuly aýalyň portretini şekillendirýän ajaýyp surat. Ol sary asmanyň astynda eli gül desseli gyzyl oturgyçda otyr.
Surat: veryimportantlot.com
«Jorj ýekşenbe güni gijesinde» (holst, akril, näbelli suratkeş, Jim Şulman tarapyndan peşgeş berlen) — Surat Jorj Sýoryň «Y» şekilli içki eşik geýen, küýzäniň üstünde oturan uly adamy şekillendirýän impressionistik pointillist suratyna çalymdaş impressionistik puantilizm stilinde çekilipdir. Suratyň prototipi ABŞ-nyň öňki Baş prokurory Jon Eşkroft diýlip çaklanylýar.
Täsin faktlar:
- 2008-nji ýylyň ahyryndan başlap, eserleriň gollaryny we atlaryny myhmanlaryň özleriniň döretmek mümkinçiligi açyldy;
- Muzeýiň hünärmenleri we bu ýere aýlanmaga gelen myhmanlara muzeýde gygyryp gülmäge rugsat edilýär, sebäbi bu ýerdäki suratlaryň aglabasy gaty erbet gülküňi tutdurýar;
- Muzeý auksionlardan suratlary 6,5 dollar töweregi baha satyn alýar, eger surat özboluşly bolaýan ýagdaýynda-da, onuň üçin gaty gitse 20 dollara çenli pul sarp edýär;
- Muzeýiň «galmagal» döreden meşhurlygy ol baradaky maglumatlaryň dürli sungat ýygyndylarynda, gollanmalarda we syýahatçylar üçin ýol görkezijilerde «sungat kabul edip bolmaz derejedenem beter zat» diýen şygar bilen ýerleşdirilendigi sebäplidir;
- Muzeý Ogaýoda, Sietlde we Awstraliýada şuňa meňzeş kolleksiýalaryň döredilmegine nusgalyk bolup hyzmat etdi, Minneapolisiň «Commedia Beauregard» teatr kompaniýasynyň gatnaşyjylary bolsa, halaýan eserlerine esaslanyp, bir aktly spektakl ýazdylar.
Peýdalanylan çeşmeler: ru.m.wikipedia.org, kulturologia.ru; pikabu.ru, veryimportantlot.com
Şeýle-de okaň: