Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynda 2025-nji ýylda abatlanýan nebit-gaz guýularynyň sany artýar

13:0322.05.2025
0
3841
Balkan welaýatynda 2025-nji ýylda abatlanýan nebit-gaz guýularynyň sany artýar
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

Balkan welaýatynda ýerleşýän känlerden alynýan ýangyç çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň welaýatdaky Guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar.

Türkmen metbugatynda berilýän habara görä, önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden nebitgazly guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu müdirlikler boýunça 2025-nji ýylyň geçen döwründe meýilnamalaýyn işler bitirildi.

Degişli döwürde tutuş konsern boýunça abatlaýjylaryň tagallasy bilen gaýtadan hatara goşulyp, önümçilige tabşyrylan guýularyň sany 138-e ýetdi. Munuň özi göz öňünde tutulandan 8 guýy köpdür. Abatlaýjylaryň işi netijesinde bu döwürde 30 müň 270 tonna «gara altyn» alnyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ugradyldy.

Täzeden herekete girizilen guýularyň hasabyna çykarylan «mawy ýangyjyň» möçberi bolsa 10 million 463 müň kub metre barabar boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň