Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nädip tygşytly ýaşaman pul toplap bolýar?

0
15380

Pul toplamak, köplenç, berk tygşytlamak we durmuşyň adaty şatlyklaryndan ýüz öwürmek bilen baglanyşykly diýlip düşünilýär. Aslynda welin, bu edil bir doly beýle-de däl. Rahatlygyňy pida etmän ýa-da her gün ýaşamak üçin göreşip ýörmezden, puly tygşytly ulanmagyň özboluşly ýollary hem bardyr.

50/30/20

Bu usulyň düýp manysy — girdejiňizi üç bölege bölmekdir: 50%-ini esasy zerurlyklaryňa sarp etmek, 30%-ini güýmenje we dynç almak üçin, 20%-ini bolsa diňe tygşytlamak üçin niýetlemelidir.

«Ilki özüňe töle»

Häzirki zaman dünýäsinde her birimiz pul harçlamak meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bular karz tölegleri, dostlaryňyza ýa-da kärdeşleriňize bergiler, harytlar we hyzmatlar üçin öňünden geçirilýän töleglerdir.

Şu meselede esasy bilmeli zat — özüňde kadaly, sagdyn endigi ösdürmeli: ilki bilen, öz ygtyýaryňda galjak belli bir mukdardaky puly goýup, öz tygşytlaryn diýen maksadyňyza berk üns bermeli. Diňe şondan soň, serişdeleri beýleki zerurlyklar üçin paýlap bilersiňiz. Şeýlelik bilen, karzlar, tölegler, egin-eşik, aýakgap we dynç alyş esasy wezipe bilen deňeşdirilende ikinji çykdajylara öwrülýär. Bu diňe tygşytlamagy ilkinji orunda goýan ýagdaýyňda şeýle bolup biler. 

«Özüň üçin goýmak» we «özüňe sarp etmek» diýen iki sany meňzeş görünýän düşünjeleriň arasyndaky tapawuda düşünmek örän möhümdir. Aýakgap, egin-eşik, enjam ýa-da awtoulag ýaly täze zatlary satyn almak — bu pul tygşytlamak bolýan däldir. Bular, elbetde, zerur çykdajylar, ýöne tygşytlaýan puluňa goşant bolmaýar. Puly özüň üçin goýmak bolsa puly sowmazdan tygşytlamak, maliýe howpsuzlygyňyzy we uzak möhlete niýetlän maksatlaryňyza ýetmek ukybyňyzy üpjün etmek diýmekdir.

«4 bukja»

Bu usulyň düýp manysy — aýlyk býujetiňi dört hepdä gabat gelýän bir aýa niýetläp, dört bölege bölmekdir. Girdejiniň 10%-ini tygşytlap, zerur çykdajylary töläniňden soň, galan pullar dört bölege bölünýär, olaryň hersi bir hepde üçin niýetlenendir.

Siziň saýlajak usulyňyz şahsy zerurlyklaryňyza we maliýe maksatlaryňyza bagly bolmalydyr. Ýöne esasy zat — tizden-tiz herekete girişmek we kem-kemden kadaly we sagdyn maliýe endiklerini kemala getirmekdir.

Peýdalanylan çeşme: 4brain.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar