Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Döwletli Çynar» HK: halkara giňişlikde toplumlaýyn logistik çözgütler

16:2030.05.2025
0
19226

«Döwletli Çynar» hususy kärhanasy halkara giňişlikdäki işini netijeli ösdürmek bilen, işewürler hem-de şahsy taraplar üçin köp sanly logistika hyzmatlaryny hödürleýär.

«Döwletli Çynar» müşderileriň logistika meselelerine hemmetaraplaýyn çemeleşmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda hem, işinde esasy ýedi sany ugra aýratyn ähmiýet berýär. Iň ileri tutulýan ugurlaryň biri-de halkara satyn alyş we eltip bermek işidir. Onuň çäklerinde kompaniýa Russiýadan, Türkiýeden, Ýewropa ýurtlaryndan hem-de dünýäniň beýleki sebitlerinden harytlary satyn alyp, soňra bolsa öz eltip berme hyzmaty arkaly gyssagly alyjylara ýetirýär.

Kompaniýa şeýle hem hasaba alyşa we gaýtadan işlemäge bildirilýän ähli talaplary berk berjaý edip, iş hatlaryny we resminamalary ygtybarly hem wagtynda gowşurmak hyzmatlaryny hödürleýär. «Döwletli Çynar» howa gatnawlary pudagynda ýükleriň howa gatnawy arkaly dünýäniň islendik nokadyna tiz we ygtybarly eltilmegini kepillendirýär.

Hyzmatlaryň hatarynda sergi enjamlarynyň daşalmagyna aýratyn üns berilýär. Bu bolsa halkara sergileri we görkezilişleri guraýjylar hem-de gatnaşyjylar üçin örän ähmiýetlidir. Halkara gatnaw wagtynda ýükleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, «Döwletli Çynar» kärhanasy daşamagyň ähli tapgyrlarynda ygtybarly goragy kepillendirýän professional gaplamalary hödürleýär.

Daşary ykdysady işiniň çygrynda kärhana işewürleriň özbaşdak zerurlyklaryny we daşalýan harytlaryň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, import we eksport daşamalary boýunça toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär. Mundan başga-da, «Döwletli Çynar» HK howpsuzlygyň we tiz eltip bermegiň ýokary derejesini üpjün edip, diplomatik we resmi ýükleri eltip bermäge ýöriteleşýär.

Müşderiler üçin amatly bolmagyny nazarda tutup, kompaniýa häzirki wagtda ýükleri yzarlamaga ýardam berýän döwrebap ulgamy ornaşdyrdy. Bu bolsa bütin ugur boýunça ugradylýan ýükleriň barýan ýerini onlaýn yzarlamaga we gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

«Satyn almalardan we eltip bermekden başlap, ýöriteleşdirilen daşama hyzmatyna hem-de daşary ykdysady işlere çenli ýerine ýetirýän hyzmatlarymyzyň giň toplumy müşderilere ähli logistika meselelerini bir ýerden toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berýär. Müşderilerimiziň wagtyna we ynamyna sarpa goýýarys, şeýle hem hyzmatdaşlygyň her tapgyrynda işleriň ýokary derejede ýerine ýetiriljekdigini kepillendirýäris» diýip, «Döwletli Çynar» HK-nyň wekili belleýär.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Mary şäheri, Bagtyýarlyk köçesi 52А jaýy (ozalky Atabaýew), «Ojar Aziýa» binasy, 1-nji gat;
  • telefon belgileri: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň