Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda «Newsweek» halkara habarlar agentliginiň ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory Lor Kreýn bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar taraplar halkara gün tertibiniň möhüm ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň Ženewadaky hemişelik wekilhanasy habar berdi.
Mundan başga-da, strategiki seljeriş hasabatlaryny neşir etmek, ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen söhbetdeşlik guramak we «Newsweek» habarlar agentliginiň žurnalistleriniň Türkmenistanda geçirilýän halkara forumlara gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.
Ýeri gelende bellesek, dünýäniň öňdebaryjy habarlar agentliklerinden biri bolan «Newsweek» Ýewropany, Ýakyn Gündogary, Afrikany we Aziýa-Ýuwaş umman sebitini öz içine alýan möhüm global wakalaryň giňişleýin hasabatlaryny we derňewlerini çap edýär.