Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Hytaýa iş sapary başlandy

16:4421.05.2025
0
20373

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy. Bu barada Mejlisiň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň parlamentiniň agzalarynyň saparynyň maksady hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.

Sapar Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygy Çžao Lesziniň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň