Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mazari-Şerifde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

08:5221.05.2025
0
7880
Mazari-Şerifde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

19-njy maýda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynda (Mazari-Şerif ş.) 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «tegelek stol» maslahaty geçirildi.

Çärä BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Roza Otunbaýewa, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) Owganystanyň demirgazyk welaýatlary boýunça wekilhanasynyň başlygy Rubin Edward Kulpin, Balh welaýatynyň «BMG – zenanlar» edarasynyň ýolbaşçysy Sagipa Jusaýewa, şeýle hem Mazari-Şerifdäki Russiýanyň we Özbegistanyň konsullyk edaralarynyň hem-de Gazagystanyň ilçihanasynyň bölüminiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

«Tegelek stol» maslahatynyň dowamynda halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, häzirki zamanyň geosyýasy prosesleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem häzirki döwrüň wehimleriniň şertlerinde parahatçylykly dialogyň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha artýan ähmiýeti bellenildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary we iň ýokary derejelerde geçirilýän beýleki çärelere hem aýratyn üns berildi.

Roza Otunbaýewa BMG-niň düzümleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirip, ýurduň parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berdi. BMG-niň Ýörite wekili Owganystanda parahatçylygy ýola goýmak hem-de ykdysady we ynsanperwer ugurdaky kynçylyklary ýeňip geçmek ugrundaky tagallalaryň çäginde Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň Owganystanyň häzirki hökümeti bilen syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki meseleler boýunça, şeýle hem dürli sebit taslamalary durmuşa geçirmegiň çäginde maksatlaýyn dialogy alyp barýandygyny belledi.

«Tegelek stol» maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň oňyn we hemişelik Bitaraplyk derejesiniň sebit we ählumumy ölçeglerde howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmagyň täsirli guraly hökmünde çykyş edýändigini biragyzdan bellediler diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň