Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisinde Eýranyň parlamentarileri bilen duşuşyk geçirildi

11:3117.05.2025
0
23158
Türkmenistanyň Mejlisinde Eýranyň parlamentarileri bilen duşuşyk geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Mejlisi

16-njy maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Türkmen-eýran parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň Şura Mejlisiniň gurluşyk komissiýasynyň çözüjisi jenap Abdoljalal Iriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalarynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň bu teklibi goldandygy üçin türkmen tarapy hoşallyk sözlerini aýtdy.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň hereket etmeginiň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, parahatçylygy ilerletmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň