Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Iş ýadawlygyndan soň bedenimizde ýüze çykýan 5 alamat

0
7677

Iş ýadawlygy — bu dowamly iş dartgynlylygyna bolan täsirdir. Ol diňe bir höweslenmä we öndürijilige däl-de, eýsem, saglyga-da uly täsirini ýetirýär. Ine, bedeniňiziň ýadawlyga getirýän iş zerarly ýüze çykarýan 5 sany duýduryş alamaty:

Uky meselesi. Ukusyzlyk, ýüzleý we bölünip durýan uky köplenç ýadawlyga ýol açýar, esasanam, bu ýokary duýgur stresli ýa-da birsyhly işde işleýän adamlarda şeýle bolýar. Aladaly pikirler hem hatda gaty ýadaw wagtyňyzda-da uklamagyňyza päsgel berýär.

Artykmaç agram. Dowamly dartgynlylyk öz öwezini dolmagyň usuly hökmünde emosional taýdan artykmaç iýmitlenmegi we gözegçiliksiz işdämenligi döredip biler. Bu ugurdaky ylmy barlaglar ýadawlyk bilen agramyň ýokarlanmagynyň we iýmitlenmäge gözegçiligiň peselmeginiň arasyndaky baglanyşygy tassyklaýar.

Kellagyry we migren. Iş ýüküniň artmagy we işden kanagatlanmagyň pes bolmagy ýygy-ýygydan we gowşaýan dartgynly kelle agyrylaryna we migrenlere sebäp bolup biler, bu esasanam, iş artykmaçlygy bilen göreşmek üçin çemeleşýän ýaş hünärmenlerde bolýar. Migrenler bolsa, öz gezeginde, ýadawlygy hasam erbetleşdirip, aýylganç aýlawy döredip biler.

Ýygy-ýygydan sowuklamak. Ýadawlyk wiruslara garşy göreşýän immun öýjükleriniň işjeňligini azaltmak bilen, immun ulgamyny gowşadýar. Bu bedeniň respirator infeksiýalaryny tiz kabul etmegine getirýär, şonuň üçin sowuklama ýygy-ýygydan ýüze çykyp, uzak dowam edip biler.

Içege bilen bagly meseleler. Ýadawlyk sebäpli ýüze çykýan dartgynlylyk stres gormonlarynyň içege hereketine we mikroflora täsirleri esasynda çişme, spazm, durnuksyz meýdan, sary gaýnama we ýürek bulanma ýaly alamatlar bilen ýüze çykyp biler.

Ýadawlygy depressiýadan tapawutlandyrmak möhümdir!

Bu ýagdaýlaryň ikisi hem ýadamak we gyzyklanmanyň gaçmagy ýaly meňzeş alamatlara eýedir. Şeýle-de bolsa, ýadawlyk, adatça, iş ýagdaýlary bilen baglanyşyklydyr we hiç hili sebäpsiz ýüze çykyp bilýän we anedoniýa bilen bilelikde bolup geçýän depressiýadan tapawutlylykda adamy durmuşyň beýleki ugurlaryndan lezzet almak mümkinçiliginden hem mahrum etmeýär.

Peýdalanylan çeşme: doctor.rambler.ru 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar