Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ertirlik nahary we horlanmak: nämäni ýalňyş edýärsiňiz?

0
12666

Horlanyp, artykmaç agramdan saplanmakda ertirlik nahary esasy hyzmata eýedir. Dogry saýlanyp alnan ertirlik nahary ynsany diňe bir gurbata getirmän, eýsem metabolizme hem görnetin täsirini ýetirýär we bütin günüň dowamynda dokluk duýgusynda saklaýar.

Ertirlikden doly el çekmek

Eger ertirlik naharyny ulgamlaýyn taşlamak indiki sagatlarda biygtyýar köp iýmitlenmäge sebäp bolýan bolsa, iýmitlenişiňize gyssagly üns bermek gerekdir. Ylmy gözlegler giç naharlanmagy, ýagny ertirligini giç hem doýgun iýmegi halaýan adamlaryň semremek ähtimallygynyň güýçlüdigini tassyklaýar. Mundan başga-da, olarda metabolik saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýar.

Süýji kofe içgileri

Bu ýerde gürrüň krem, sirop, goňur ýag hem-de dürli goşundylar goşulan kofe barada barýar. Hoşboý ysly latteniň birje bulgurynda 24 grama çenli şeker bolup bilýär. Goşulan şekeriň aşa köp sarp edilmegi agramyň ýokarlanmagyna, 2-nji görnüşli süýji keseli we ýürek-damar keseline gönüden-göni täsir edip bilýändir.

Süýümi ýeterlik bolmadyk ertirlik nahary

Eger günortanlyk naharyndan has öň açlyk duýýan bolsaňyz, ertirlik naharyňyz ýeterlik derejede süýümli bolman biler. Bu möhüm iýmit bitin dänelerde, gök önümlerde we miwelerde bolýar. Ertirki iýmitiňize däneleri, däneli çörekli tosty ýa-da süle kaşasyny goşuň.

Belok ýetmezçiligi

Belok özüňizi has uzak wagtlap dok halda duýmagyňyzda möhüm hyzmata eýedir. Ertirlik üçin beloklaryň baý çeşmelerine ýumurtga, grek ýogurty, süle, wafli ýa-da ýokary derejede proteinli blinler girýär.

Esasy belokly önümler

Eger ertirki naharyňyz ýogurt we ýumurtga bilen çäklenýän bolsa, oňa dorag goşup görüň. Tost taýýarlanyňyzda belogyň möhüm çeşmesi bolan awokadony, tunes balygyny ýa-da towugy goşmaga çalşyň. Fasol, nohut we çeçewisa ýaly beloklara baý iýmitleri hem ýatdan çykarmaň.

Dokundyryjy gymmatlygy az bolan işdäaçarlar

Kökeler, çipsler we süýjülikler uzak wagtlap dokluk duýgusyny üpjün etmeýär we olar boş kaloriýalaryň çeşmesidir.

Sagdyn ýaglardan ýüz öwürmek

Awokadoda, hozda, çigitde we zeýtun ýagynda ýeterlik mukdarda bar bolan sagdyn ýaglar saglygy we agramy gözegçilikde saklamakda möhüm orna eýedir.

Ýeterlik derejede doýmazlyk

Ertirlik naharyndan soň ýeterlik derejede özüňi dok duýmazlyk günüň dowamynda artykmaç iýmitlenmäge ýa-da saglyga peýdaly bolmadyk iýmitleri saýlamaga sebäp bolup biler.

Ertirlik naharyny giç iýmek

Giç iýmitlenmek bedeniň tebigy ritmlerini bozup, artykmaç agram almak howpuny ýokarlandyryp biler.

Gidratasiýany inkär etmek

Bedeniň suw üpjünçiligini kadaly saklamak umumy saglygyňyz we gujur-gurbatyňyz üçin zerur zatdyr.

Bu maglumatlar diňe habardar etmek maksatly bolup, hünärmenleriň ýöriteleşdirilen, özbaşdak, diňe siziň zerurlyklaryňyza görä berjek maslahatynyň ýerini tutup bilmez. Iýmitlenmek we saglyk bilen baglanyşykly haýsydyr bir netijä gelmezden öňinçä, lukman bilen hökmany suratda maslahatlaşsaňyz ýerlikli bolar.

Peýdalanylan çeşme: ferra.ru

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar