Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak boýunça işler alnyp barylýar

07:2124.05.2025
0
5217

23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň günbatar we gündogar sebitlerinde kuwwatly tehnikalaryň, seýsmiki enjamlaryň, programma üpjünçilik ulgamlarynyň kömegi bilen nebitiň hem-de tebigy gazyň gorlaryny gözlemek işleri geçirilýär. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezident hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti we gazy gözlemek boýunça gözleg-barlag işlerini ýokary hilli, netijeli ýerine ýetirmäge uly üns berilýändigini, nebitiň we tebigy gazyň ýerasty gorlarynyň yzygiderli ýüze çykarylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň gözlegine gönükdirilen işleri geljekde-de netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň