Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat — milli binagärligiň merjeni, ylym-bilimiň mesgeni» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralarynyň professor-mugallymlary, alymlary hem-de kompaniýalaryň hünärmenleri gatnaşdylar. Ol umumy mejlisden hem-de «Binagärlik innowasiýalary, döwrebap materiallar we tehnologiýalar», «Häzirki zaman binagärlik sungatynda milli nagyşlaryň orny» ýaly bölümlerden ybarat boldy.
Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň hem-de milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi bilen tanyşdylar.
Maslahatyň umumy mejlisinde çykyş eden professor-mugallymlardyr alymlar häzirki zaman binagärlik sungatynyň aýratynlyklary, dünýä ýurtlarynda işjeň ornaşdyrylýan şähergurluşyk innowasiýalary, täzeçil tehnologik işläp taýýarlamalar, binagärlik-gurluşyk biliminiň netijeliligini artdyrmak, ökde hünärmenleri ýetişdirmek barada giňişleýin durup geçdiler.
ABŞ-nyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň wekilleri halkara ylmy-amaly maslahata sanly ulgam arkaly gatnaşyp, binagärlikde gazanylan üstünlikler, häzirki döwrüň binagärlik-gurluşyk ýörelgeleri we usullary barada öz ylmy garaýyşlaryny beýan etdiler.
Maslahatda çykyş eden türkmen alymlary we hünärmenleri gurluşyk hem-de senagat toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, bu ulgamy sanlylaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň ýurdumyzda netijeli çözülýändigini nygtadylar.
Maslahatyň maksady Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem ylmy edaralaryň alymlarynyň we kompaniýalaryň hünärmenleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, pugtalandyrmak, şeýle hem ylmy maglumatlary we tejribeleri alyşmak bolup durýar.