Türkmenistanyň ýygyndysy Özbegistanyň Daşkent şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň arasynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (MAFA) çempionatyna gatnaşýar.
Şu gün MAFA-nyň U-17 çempionatynyň toparçalaýyn tapgyryna bije çekildi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň ýygyndysy Owganystan we Täjigistan bilen bilelikde «B» toparçadan orun aldy. «A» toparçada bolsa ýer eýesi Özbegistanyň, Eýranyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary özara güýç synanyşarlar.
MAFA-nyň U-17 çempionaty 24-nji maýda başlap, 31-nji maýa çenli dowam eder.
Aýlaw görnüşinde geçirilýän ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň ýygyndysy 24-nji maýda Owganystan, 26-njy maýda bolsa Täjigistan bilen duşuşar. Toparçalarda birinji ýeri eýelän ýygyndylar finalda sebitiň çempionyny kesgitlärler. Ikinji ýeriň eýeleri bürünç medal üçin, toparçada üçünji orny eýelänler bolsa turniriň bäşinji orny üçin özara duşuşyk geçirerler.