Lebap welaýatynda Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda fosforly dökünler, kükürt kislotasy, hlor heki, oksigumat, kislorod ýaly önümleri öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, zawodda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda fosforly dökünleriň 51 müň 300 tonnasy öndürilip, meýilnama 106,9 göterim berjaý edildi.
Kärhana boýunça degişli döwürde jemi öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 92 million 500 müň manatlykdan gowrak boldy.
Degişli döwürde kükürt kislotasynyň hem 90 müň tonnasy taýýarlanyldy diýlip, habarda bellenilýär.