Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar. Onuň çäklerinde Arkadag şäherinde dürli çäreler geçirildi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri M.Mambetaliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary, ilki bilen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlara atçylyga ýöriteleşen bilim ojagy we onda döredilen şertlerdir mümkinçilikler barada gürrüň berildi.
Soňra wekiliýetiň agzalary Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp gördüler. Onuň nal şekilinde gurlan täsin binagärlik keşbi myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu ýerde görkezilen çykyşlary olarda uly gyzyklanma döretdi.
Gyrgyz wekiliýeti «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ussat türgenleriniň çykyşlaryna ýokary baha berip, Türkmenistanda atçylyk pudagynyň, milli atçylyk sportunyň ýokary derejede ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.