Gruziýa türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli özboluşly görnüşde gutlady. Has takygy, 18-nji maýda Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy.
Dostlukly çäre hem-de gruziýa tarapyndan Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän parahatçylyk döredijilik başlangyçlarynyň işjeň goldanylmagy doganlyk türkmen halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň we däp bolan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nyşanydyr diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.