Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlaryň 46 göterimi internetsiz ýaşamak isleýär

12:4920.05.2025
0
9893

Ýaşlaryň tas ýarysy (46 göterimi) internetsiz ýaşamagy kem görmezdiler. Muňa Britan standartlar institutynyň (BSI) ýurtda geçiren ylmy barlaglary güwä geçýär, oňa 16-21 ýaş aralygyndaky 1293 adam gatnaşdy. Bu barada «The Guardian» neşirine salgylanýan «rbc.ru» ýazýar.

Pikiri soraşylanlaryň 70 göterime golaýy sosial torlary ulananlaryndan soňra özlerini ýaramaz duýýandyklaryny aýtdylar. 46 göterimi bolsa internetsiz dünýäde ýaşamagy saýlap aljakdyklaryny nygtadylar. Her ikinji adam (50 göterim) «sanly komendant sagadyny» girizmegi, ýagny gije sagat 22:00-dan soňra sosial torlara elýeterliligi çäklendirmegi teklip etdiler.

«Sanly komendant sagadyny» girizmek başlangyjyny öň tehnologiýalar ministri Piter Kaýl öňe sürüpdi. Ol hususan-da «TikTok» we «Instagram» babatda şeýle çäklendirmeleri girizmegi teklip etdi.

Pikiri soraşylanlaryň çärýek bölegi internetde günde azyndan dört sagadyny geçirýändigini boýun aldylar, şunda olar ene-atalaryna internetde näme bilen meşgullanýandyklary barada ýalan sözläpdirler, kimler akkaunt hasaba aldyranlarynda ýaşyny ýalňyş görkezipdir, ýaşlaryň 40 göterimi galp akkaunt açypdyrlar, 27 göterimi bolsa torda başga adamlar hökmünde çykyş edipdirler. Ýaşlaryň 68 göterimi internetiň özleriniň psihiki saglygyna zyýan edýändigini aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň