Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi täze Rim Papasynyň diplomatik korpus bilen ilkinji resmi kabul edişligine gatnaşdy

10:1820.05.2025
0
12790

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky Bölümindäki hemişelik wekili, ilçi Wepa Hajyýew Rim-katolik buthanasynyň täze baştutany Papa Leo XIV-niň diplomatik korpus bilen ilkinji resmi kabul edişligine we onuň pontifikatynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly ybadat-messasyna gatnaşdy. Bu çäreler 16-18-nji maýda Watikanda geçirildi – diýip, Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen diplomaty Papa Leo XIV-e Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan mähirli gutlaglary we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Pontifik öz çykyşynda parahatçylyga, adalatlylyga we dinleriň arasyndaky gepleşiklere çagyrdy. Şeýle hem ol halkara dawalary çözmäge ýardam etmäge taýýardygyny bildirdi.

Ozal biz Türkmenistanyň Prezidentiniň Papa Leo XIV-e Rim Papasy hökmünde işe girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberendigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň