Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda dowam edýän «Russia Halal Expo 2025» halkara sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony köp adamly boldy.
Bu pawiliýon Türkmenistanyň ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ählisinde, şol sanda onuň hususy ulgamynda gazanýan üstünlikleri, özara bähbitli, uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan kuwwat bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Pawilýonda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika, himiýa, azyk, ýeňil, hususan-da, dokma senagatynyň önümleri, gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleri we beýleki önümler görkezilýär. Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem-de sanly ulgama geçilmegi netijesinde, ýurduň elektron senagaty okgunly ösýär. Bu ulgamyň gazananlary elektron enjamlaryň dürli görnüşleri arkaly giňden görkezilýär.
Türkmenistanyň pawilýonynda türkmen halkynyň täsin medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan milli sungatyň däp bolan görnüşleriniň önümleri hem görkezilýär. Görkezilýän gymmatlyklaryň hatarynda meşhur türkmen halylary we ajaýyp şaý-sepler bar diýip, TDH habar berýär.