Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýede uçarmanlary taýýarlamak boýunça okuwa kabul edişligi yglan edýär

14:4316.05.2025
0
24329

«Türkmenistan» Awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň Uniwersitetinde uçarman hünäri boýunça dört ýyllyk okuw üçin dalaşgärleriň kabul edişligini yglan edýär.

«Mugallymlar gazetinde» çap edilen habara laýyklykda okuwa 25 ýaşyna ýetmedik, azyndan orta bilimi we harby bileti bolan, şeýle-de Türkmenistanyň raýaty bolan ýigitler çagyrylýar. Dalaşgärler «Türkmenhowaýollary» agentliginiň uçarmanlar üçin Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenen lukmançylyk talaplaryna (ICAO) gabat gelmelidirler.

Okuwa kabul etmek giriş synaglarynyň netijelerine görä bäsleşik esasynda geçirilýär. Okuw «Türkmenistan» awiakompaniýasynda deslapky söhbetdeşlikden, Türkiýäniň uniwersitetiniň wekilleri bilen geçirilýän synaglardan we Ankaradaky lukmançylyk barlagyndan soň başlanýar.

Resminamalaryň kabul edişligi şu ýylyň 15-nji iýulyna çenli Aşgabatda amala aşyrylýar. Munuň üçin zerur bolan resminamalar: bellenilen görnüşdäki anketa, pasport we onuň nusgasy, harby bilet we onuň nusgasy, bilim hakynda resminamalar, lukmançylyk kepilnamasy, iň soňky okan ýa-da işlän ýerinden häsiýetnama, 3x4 sm ölçegdäki suratlar (8 sany) we beýleki resminamalar.

Giriş synaglary 21-nji iýuldan 10-njy awgusta çenli Aşgabatdaky «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglary işgärlerini taýýarlaýyş mekdebinde geçiriler. Synaglar iňlis dili (iňlis dilinde geplemek, ýazmak we okamak başarnygy), matematika we fizika boýunça geçiriler. Beýleki daşary ýurt dillerini bilmek makullanýar.

Möhüm şert daşary ýurt ýokary okuw mekdebinde okamak barada üç taraplaýyn şertnamanyň (howa ýollary, talyp we kepil geçýän tarapyň arasynda) baglaşylmagydyr. Şertnama laýyklykda uçurym ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlandan soň, howa ýollarynda alan hünäri boýunça azyndan 10 ýyl işlemäge borçlanýar.

Okuw üçin töleg howa ýollary tarapyndan tölenýär, emma goşmaça çykdajylar (wizany resmileşdirmek, saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy, gündelik naharlanma, aragatnaşyk we ulag çykdajylary) dalaşgäriň hasabyna ödelmelidir.

Resminamalar şu salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, A. Annaýew köçesi, «Türkmenistan» Awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti. Maglumatlar üçin telefonlar: 23-47-88, 23-02-61.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň