Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakaláwr) maksatnamasy boýunça okuwa girmek üçin resminamalary kabul etmegiň başlanandygyny yglan etdi. Resminamalar 2025-nji ýylyň 12-21-nji maý aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.
Bäsleşige 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18-25 ýaş aralygyndaky, umumy orta bilimi bolan we iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar. SAT, TOEFL, IELTS ýa-da HSK şahadatnamalary (sertifikatlary) bolan, şeýle hem döwlet dersleri boýunça olimpiadalaryň ýeňijileri we halkara bäsleşiklerine gatnaşyjylar artykmaçlykdan peýdalanarlar.
Gatnaşmak üçin bellenen görnüşdäki arza, okaýan ýa-da işleýän ýerinden häsiýetnama, suratlar, bilim hakyndaky diplomlary goşundylary bilen, bellenilen görnüşdäki lukmançylyk kepilnamasy we beýleki resminamalary öz içine alýan doly resminamalar toplumyny tabşyrmak zerurdyr. Resminamalaryň ähli terjimeleri iňlis dilinde ýerine ýetirilmelidir.
Deslapky saýlawlaryň netijelerine görä ýokary görkezijilere eýe bolan dalaşgärler 2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bolup geçjek umumy bilim dersleri boýunça söhbetdeşlige çagyrylarlar. Hünärler, orunlaryň sany we okuwyň şertleri baradaky maglumatlary uniwersitetiň kabul ediş iş toparyndan alyp bolar.
Hünär ugurlaryň doly sanawy bilen şu salgylanma arkaly resminamany ýükläp alyp, tanşyp bilersiňiz.