Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Soňky jaň» dabaralary bilen ugurdaş giň gerimli çäreler geçiriler

11:4118.05.2025
0
18027

Sanly ulgam arkaly 17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy, «Soňky jaň» dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji maýda Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär mekdebinde, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebinde Berdimuhamet Annaýewiň heýkellerine gül goýmak çärelerini, şeýle hem Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Soňra ýurduň ähli orta mekdeplerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygar bilen «Soňky jaň» dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara hem-de kärine ussat bilim işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Baýramçylyk güni uçurymlaryň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär. Şeýle-de medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda «Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň