Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Çaýhana» Aşgabatda göçme dabaralary guramak hyzmatlaryny hödürleýär

14:1215.05.2025
0
17522

Indi Aşgabadyň ýaşaýjylary «Altyn Çaýhananyň» ýokary derejeli hyzmatlaryndan we özboluşly naharlaryndan diňe restorana baryp däl-de, eýsem, özleri üçin islendik amatly bolan ýerlerde hem lezzet alyp bilerler.

Hudaýoly sadakalaryňyzyň ýa-da toý dabaralaryňyzyň göwnejaý we ýokary guramaçylykda geçmegini üpjün etmek üçin «Altyn Çaýhana» restoranynyň hünärmenler topary baýramçylyk çadyrlaryny gurnamak, tejribeli hyzmatçylar bilen hyzmat etmek hem-de tejribeli aşpezler tarapyndan özboluşly datly naharlaryny taýýarlamak ýaly giňişleýin hyzmatlar toplumyny ýetirýär. Müşderiler şeýle hem goşmaça hyzmatsyz naharlary sargyt edip bilerler.

Myhmanlara tagamlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär: adaty türkmen naharlaryndan başlap, ajaýyp türk we ýewropa aşpezlik eserlerine çenli.

«Altyn Çaýhanany» saýlamak bilen, müşderiler toýuň guramaçylygy barada hiç hili alada etmezden dynç almaga we myhmanlary arkaýyn, mähirli kabul etmäge mümkinçilik alýarlar. Sebäbi ähli guramaçylyk meselelerine biziň hünärmenlerimiz doly jogap berýärler» diýip, restoranyň wekili belleýär.

«Altyn Çaýhana» restorany şu salgyda ýerleşýär: Gurbansoltan eje köçesi, 168-nji jaý (Demir ýol menziliniň golaýynda).

Göçme sadaka hem toý hyzmatlaryny şu telefon belgileri arkaly sargyt edip bilersiňiz: (+993 12) 94 11 61, (+993 12) 94 11 71, (+993 65) 72 37 46, (+993 65) 72 35 47, (+993 65) 65 53 10. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň