Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hyýalyňyzdaky gurşawy dörediň: «Jacob Design Interior» — Aşgabatda dizaýn we gurluşyk boýunça ekspert

15:0421.05.2025
0
15121

«Jacob Design Interior» studiýasy ýaşaýyş jaýlarynyň we söwda gurşawlarynyň dizaýny üçin toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär. Kompaniýa kaşaň öýleriň interýerlerini döretmäge, şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryny, kafeleri we restoranlary taslamalaşdyrmaga ýöriteleşendir.

Näme üçin «Jacob Design Interior» studiýasyny saýlamaly?

Taýýar toplumlaýyn çemeleşme

«Jacob Design Interior» diňe bir dizaýny däl-de, eýsem, doly çeýe çözgütleri hödürleýär. Munda siz konsepsiýany işläp düzmekden başlap, durmuşa geçirilýänçä her tapgyrda dürli potratçylary gözlemeli bolmaýarsyňyz.

Lýuks interýerleri döretmek

Eger-de siz lýuks we eksklýuziw gurşawy arzuw edýän bolsaňyz, «Jacob Design Interior» — bu tüýs size gerek studiýa. Kompaniýanyň portfoliosy hatda iň talapkär müşderileri hem haýran galdyrar.

Taslamanyň hiline we ýerine ýetirilişine kepillik

Üstünlikli taslamanyň esasy faktorlaryň biri — bu awtorlyk gözegçiligi. «Jacob Design Interior» iş prosesiniň ähli tapgyrlaryna doly gözegçilik edýär. Munuň özi ahyrky netijäniň tagaşyksyz, garaşylmadyk ýa-da pikir edilişinden başgaça däl-de, edil dizaýn taslamasyna doly laýyk geljekdigini aňladýar.

Müşderi üçin amatlylyk

«Jacob Design Interior» gurluşyk materiallary bilen üpjünçiligi öz üstüne almak bilen, müşderilere bu meselede ýardam edýär. Bu bolsa işi ýeňilleşdirýär, özbaşdak gözlemek we satyn almak zerurlygyny aradan aýyrýar, şeýle hem ýokary hilli materiallaryň ulanylmagyny kepillendirýär.

«Jacob Design Interior» studiýasyny saýlamak bilen, siz taslamaňyzy funksional, gözellik taýdan ýakymly we özboluşly, täsin gurşawlary döredýän tejribeli hünärmenler toparyna ynanýarsyňyz.

Studiýanyň ofisi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., G.Ezizow köçesi (öňki Sowhoznaýa), 14-nji tapgyr, «Nebitgaz» jaýy.

Telefon belgisi: (+993 62) 48 40 40. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň