Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we «PETRONAS» bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

11:1115.05.2025
0
19942

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen gelen Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň wekilleri — kompaniýanyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mohd Redhani Abdul Rahman bilen duşuşdy.

TDH-niň berýän habaryna görä, Gurbanguly Berdimuhammedow bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, häzirki wagta çenli «PETRONAS» Tehnologik uniwersitetinde 200-den gowrak türkmen talybynyň bilim alandygyny belledi we gysga hem-de uzak möhletli tälim beriş okuwlaryny guramak işini güýçlendirmegi teklip etdi.

Duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri kompaniýanyň türkmen hünärmenlerini taýýarlamak, ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işlerine, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýaş mugallymlarynyň hünär derejesini artdyrmak bilen bagly okuwlary guramaga goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň