14-nji maýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda genetika boýunça ders bäsleşigi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Bäsleşik şahsy görnüşinde guralyp, okuwçylar soraglaryň we meseleleriň 50-sinden ybarat barlagnamany çözmekde zehinlerini görkezdiler. Olara şertleri ýerine ýetirmek üçin 60 minut wagt berildi. Her bir sorag çylşyrymlylygyna görä, 1 — 5 bal aralygynda bahalandyryldy we iň köp bal toplanlar ýeňiji diýlip yglan edildi.
Bäsleşikde we onuň netijelerini jemlemekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyldy.
Bäsleşigiň çäklerinde biologiýa ugruna degişli hünärleri öwrenmekde genetika dersiniň ähmiýeti wagyz edildi.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşigi guramaga uniwersitetiň Ýaş alymlar geňeşi, agronomçylyk fakultetiniň ekerançylyk kafedrasy işjeň gatnaşdy diýlip, habarda bellenilýär.