Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy

12:5514.05.2025
0
20370
Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Surat: Uza.uz

Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Urumçi şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy.

Habarda bellenilişine görä, 12-nji maýda geçirilen duşuşykda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar gatnaşyklary institusional görnüşde pugtalandyrmak, mugallymlaryň tejribesini kämilleşdiriş maksatnamalaryny ýola goýmak, bilelikdäki ylmy gözlegleri alyp barmak we hünärmenleri taýýarlamak baradaky tagallalary utgaşdyrmak ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Bilelikdäki laboratoriýalary we ylmy-barlag merkezlerini döretmek bilen bagly teklipler öňe sürüldi. Bu barada uza.uz saýty habar berdi.

Duşuşygyň jemleri boýunça bilim ministrleriniň duşuşygynyň mehanizminiň Tertipnamasy hem-de «Urumçi jarnamasy» kabul edildi. Bu resminamalar hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki esaslaryny we ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň