Türkmenistanly mekdep okuwçylary Özbegistanda geçirilen Al-Horezmi adyndaky III halkara matematika we informatika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. Özbegistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Belarus Respublikasyndan, Malaýziýadan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan we Täjigistandan jemi 205 sany gatnaşyjyny bir ýere jemlän bu halkara olimpiadada türkmenistanly mekdep okuwçylaryň birnäçesi baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Bu barada uza.uz saýty ýazýar.
Habarda bellenilişine görä, halkara olimpiadada Türkmenistana wekilçilik eden mekdep okuwçylaryndan matematika ugry boýunça Hemra Gurbanow altyn medala, Ýusup Resulow we Omar Döwranow kümüş medala, Serdar Nazaröwezow, Mekan Döwletýarow, Atabaý Akmyradow, Akmyrat Akmyradow, Röwşen Seýitgulyýew, Azat Nepesow, Ýeňiş Akmämmedow dagy bürünç medala mynasyp boldular. Şeýle-de informatika ugry boýunça Kasym Köşekow kümüş medal, Akmuhammet Şöhratgeldiýew bürünç medal bilen sylaglandy.
Ýeri gelende bellesek, 7 — 12-nji maý aralygynda geçirilen halkara olimpiadanyň sylag gowşurmak dabarasy düýn Daşkent şäherinde geçirildi.