Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly suratkeşler Daşkende geçirilen halkara sergä gatnaşdylar

16:0108.05.2025
0
15865
Türkmenistanly suratkeşler Daşkende geçirilen halkara sergä gatnaşdylar
Surat: Eurasia Travel

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Gunça Goçmyradowa we Hatyja Amansähedowa Daşkende Özbegistanyň şekillendiriş sungaty galereýasynda geçirilen «Türki dünýäsiniň zenan suratkeşleri» atly halkara sergä gatnaşdy.

Sergi Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan zehinli suratkeşleri bir ýere jemledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Sergide dürli žanrlary we stilleri öz içine alýan dürli eserler görkezildi. Türkmen suratkeşleriniň çeken suratlary milli reňk we medeni özboluşlylygy bilen tapawutlandy.

Türkmenistanyň wekilleri Daşkentde geçirilen Daşky gurşawy goramak we ýaşyl ykdysadyýet ýylyna bagyşlanan Halkara şekillendiriş we amaly-haşam sungat festiwalyna-da gatnaşdylar.

Festiwalyň çäginde türkmen suratkeşleri Samarkantyň we Buharanyň taryhy ýadygärlikleridir medeni mirasy bilen tanyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň milli sungatynyň täsin aýratynlyklary barada konferensiýada çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň